SOŇKY HABARLAR
GAZAGYSTANYŇ ILÇISINIŇ TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Gazagystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we m...
AŞGABAT ŞÄHERINE «ŞÄHERLERDÄKI BAGLAR» ATLY HALKARA GÜWÄNAMANYŇ GELIP GOWUŞMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli haba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halk...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BAÝRAMÇYLYK DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlydygyny beýan edýän bu ajaýyp baýramçylykda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri aýratyn orny eýeläp, türkmen halkynyň atlara sarpaly hem-de mähir-alada bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasy bo...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystany...
EKSPORTYŇ ÇÄGI GIŇELÝÄR
Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredildi. Netijede Türkmenistanda öndürilen önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini aňryýany bilen ödeýän sanawy çalt depginlerde giňeýär. Lebaply hususy önüm öndürijileriň dünýä bazaryndaky orny hem barha giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltla...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNDAKY DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary boldy. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap...