SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ AGZASY, GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň D...
TÜRKMENISTANYŇ UNESCAP BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 26-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy UNESCAP-yň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Ko...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat (mfa.gov.tm)
TÜRKMEN KOMPANIÝASY “MEGAFIL” SÜZGÜÇLERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ÖNDÜRMÄGE BAŞLADYLAR
“Mekanara Gatnawy” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Megafil” haryt nyşanly süzgüçleri öndürýär. 2020-nji ýylda önümçiligini ýola goýan bu kärhana Türkiýäniň, Hytaýyň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenilen ýag, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şu ýylyň başynda kärhanada ýük we ýeňil awtoulaglary üçin howa süzgüçleriniň täze görnüşleri önümçilige girizildi. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 2,5 m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi. Şu mümkinçilikden...
AÝNA SENAGATYNYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
Geçen anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda kuwwaty gije-gündizde 100 tonna aýna öndürmäge niýetlenen goşmaça sehiň taslamasy hakynda aýdyldy. Bu taslamany amal etmek üçin geçirilrn tenderiň netijeleri boýunça, ony gurmak hukugy «Rysgally zähmet» hususy kärhanasyna berildi. Bu kabul edilen çözgüt ýurdumyzda diňe bir aýna öndürilişini ösdürmek, ýa-da döwlet bilen hususyýetçiligiň ýurdumyzyň milli...