SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, reňklenen tüýjümek önümler we buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň umumy...
MUKAMLAR KÖŞGÜNDE GEÇIRILEN BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa mährem enelere bolan oňyn gatnaşyklaryny özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. Öý-ojaklaryň sütüni, paýhasly maslahatçy we wepaly ýoldaş hökmünde gelin-gyzlara hormat-sarpa g...
KÖP ÇAGALY ENELERI HORMATLAMAK DABARASY
Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli ý...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE SAÝLANJAK TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA MEÝILLEŞDIRILÝÄN HALKARA ÇÄRELERIŇ SANAWYNY DÜZMEGI TABŞYRDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna üns çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndaky we konsullyklaryndaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň ýokary derejede guralmagynyň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimi...
«TÜRKMENDEMIRÝOLLARY»: DÜZÜMLERE MAÝA GOÝUMY
?Türkmendemirýollary» Agentliginiň amala aşyrýan esasy maýa goýum taslamalary şu ýyl demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler. Gurluşygyň potratçysy «Demirýollary» AGPJ agentligiň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, demir ýoluň 4975-nji kilometrinde, 112-nji geçelge bilen Uzynsuw stansiýasynyň aralygynda täze köpri gurýar. Döwrebap ýol desgasy 120 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylyp gelýän demir köprüniň ornuna gurulýar. Täze desga has köp suw geçi...
BAGŞYÇYLYK SUNGATYNY WASP EDIP
Türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, şol sanda, halk sungatynyň hazynasy — asyrlaryň dowamynda emele gelen milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny ussatlyk bilen açyp görkezýän ussat sazandaly bagşyçylyk sungaty ýurdumyzyň suratkeşleriniň ünsünden düşmän gelýär. Türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan eserleriň tutuş bir galereýasyny döreden ýaş türkmen suratkeşleriniň biri-de Merdan Kakabaýewdir. Onuň, esasan, kompozisiýa görnüşinde döre...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....