img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýun

NUR-SULTANDA “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny i...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTANLY FOTOSURATÇYNYŇ ALTYN MEDALY

Çehiýanyň fotografçylyk jemgyýetiniň «PhotoArt PRAGUE» abraýly halkara fotosalonynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) fotohabarçysy Wýaçeslaw Sarkisýanyň «Talyp gyzlar» atly fotosuraty altyn medala mynasyp boldy.  Şu waka mynasybetli Wýaçeslaw Adamowiçe ýüzlenip, bäsleşikden galan täsirlerini okyjylarymaz bilen paýlaşmagyny haýyş etdik. — Wýaçeslaw Adamowiç, ilkinji nobatda Sizi, sylagyňyz bilen gutlaýarys we bäsleşige gatnaşyşyňyz hem-de onuň aýratynlyklary barada gürrüň...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TARYHY-MEDENI MIRAS — WATANYMYZYŇ WE HALKYMYZYŇ GYMMATLY BAÝLYGY

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal täze açyşlar, taryhy-medeni, milli ruhy mirasa degişli barlaglaryň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryny dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçy...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndür...

DOWAMY
pic
7 Iýun

ÝURDUMYZDA AZYK BOLÇULYGYNY ÜPJÜN ETMEK DÖWLET ÄHMIÝETLI WEZIPEDIR

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary artýar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň eksport kuwwaty pugtalanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen...

DOWAMY
pic
7 Iýun

MERKEZI AZIÝANYŇ WE HHR-YŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...

DOWAMY