img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Iýun

DAŞOGUZ WE BALKAN WELAÝATLARYNYŇ GALLAÇYLARY BUGDAÝ ORAGYNA GIRIŞDILER

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýar. Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragyna ilkinji bolup başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular....

DOWAMY
pic
9 Iýun

AHMET AGAMYRADOW: «TÜRKMEN FUTBOLÇYLARYNYŇ AZIÝA (U-23) KUBOGYNYŇ «PLAYOFF» TAPGYRYNA ÇYKMAGY, HAS BELENT SEPGIT BARADA OÝLANMAK ÜÇIN GOWY ITERGIDIR»

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 Kubogynda ýene bir taryhy ýeňiş gazandylar. Ikinji tapgyrda Eýrandan 2:1 hasabynda üstün çykyp, toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň (2:2) oýnamak bilen, jemleýji ýaryşyň türkmenistanly debýutantlar ilkinji gezek Aziýanyň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girdiler. «A» toparyň jemleýji oýnundan soň ildeşlerimiz begenç duýgularyny öz tälimçileri bilen paýlaşyp, ony agzybirlik bilen gö...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMEN TALYPLARY «LOMONOSOW» UNIWERSIADASYNDA ÜSTÜNLIK GAZANDYLAR

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üç talyby Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň dil bilimi, sebiti öwreniş we medeniýeti öwreniş boýunça guran «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hususan-da, türkmenistanly talyplar uniwersiadada dil bilimi boýunça tapawutlandylar. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa ikinji orny eýeledi. Bu abraýly bäsleşikde Aýnur iňlis dili boýunça başarjaňlygyny görkezdi. Iki...

DOWAMY
pic
9 Iýun

DYNÇ GÜNLERI WE TEATRLAR

Iýun aýynyň 10 ‒ 12-si aralygynda Aşgabatda täze goýlan we eýýäm tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar görkeziler. Tomaşaçylara hödürlenýän oýunlaryň tertibi: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry 11.06.2022 «Başky söýgim, nirde sen» — 19:00 12.06.2022 «Perwana» — 19:00 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry 10.06.2022 «Demir ayal» — 19:00 11.06.2022 «Sawçy gelin» — 19:00 12.06.2022 «Körpe gelin» — 19:00 Türkmenistany...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ABŞ-NYŇ OWGANYSTANYŇ MESLELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başla...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEH RESPUBLIKASYNYŇ ULAG ULGAMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da howa we demir ýol ulaglary ýaly ugurdaş pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boýunça meselelere üns berildi. Şeýle hem, raýat awiasiýasy babatyndaky hukuk binýadyň ösdürilmegi barada aýratyn bell...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMEN ÝÜPEKÇILERINIŇ ZÄHMET ÝEŇŞI

Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir. Dokma senagaty toplumynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumla...

DOWAMY