RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Ýan

HAZAR DEŇZINDÄKI «DOSTLUK» ÝATAGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ IŞLENILIP TAÝÝARLANYLMAGY HEM-DE YLALAŞYLMAGY BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başly...

DOWAMY
pic
27 Ýan

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde s...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÄZE JAÝLARYŇ AÇARLARY GOWŞURYLDY

Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berildi. Bu amatly ýaşaýyş jaýlar gysga wagtyň içinde guruldy. Bary-ýogy 10 aýyň içinde Mary şäheriniň gündogar böleginde «Şapak» ýaşaýyş toplumynda ýanaşyk geçýän aýlaw ýolunyň ugrunda ähli amatlyklary bolan dört gatly jaý şäheriň gözelligini artdyrdy. Täze jaýlara göçüp gelenler, aýratyn hem, uly penjireli dört we üç otagly giň hem beýik jaýla...

DOWAMY
pic
26 Ýan

ÝYLADYŞHANADA BOL HASYL KEMALA GETIRILÝÄR

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär. 2021-nji ýylyň 25-nji martynda açylyp ulanylmaga berlen, jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşip, 6 bölekden ybarat bolan bu ýyladyşhanada pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň häzirki zaman innowasion t...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALIÝE-YKDYSADYÝET WE NEBITGAZ TOPLUMLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNA TEBIGY GAZYŇ ÇYKARYLÝAN MÖÇBERINI ARTDYRMAK BOÝUNÇA KARZ SERIŞDELERINI BÖLÜP BERMEK TABŞYRYLDY

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALIÝE-YKDYSADYÝET TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu...

DOWAMY