SOŇKY HABARLAR
KAKABAÝ DURDYÝEW. AKTÝOR, FILOSOF, KEMINÄNIŇ ŞYGRYÝETINIŇ MUŞDAGY
Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň halk artisti Kakabaý Durdyýewiň doglan gününe 102 ýyl dolýar. Onuň döredijilik terjimehaly uruşdan soňky ýyllar başlandy. Şoňa çenli ol agyr çagalyk döwrüne duçar bolupdy, höwesjeňler studiýalarynda teatr bilen gyzyklanypdy, bilim alypdy. 1929-njy ýyl ýaş artist üçin öwrümli ýyl boldy. Ol ýaňy döredilen Mollanepes adyndaky Türkmen drama teatrynyň aktýorlarynyň hataryna goşulýar. Bu ýerde-de söwer ýaryna duşýar – teatryň aktrisasy Suraý Myradowa. Şol dö...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ AHAL WELAÝATYNYŇ GURULÝAN TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINDE MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISINI GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgi...
ÝURDUMYZYŇ RAÝATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDAN GITMEK WE GELMEK ÜÇIN PASPORTLARYNYŇ HEREKET EDIŞ MÖHLETLERI UZALDYLDY
Dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...
«WATAN» KINOKONSERT MERKEZINIŇ SAHNASYNDA ARGENTINA TANGOSY
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirýän joşgunly, tolgundyryjy latinamerikan tans sazlary her bir diňleýjini biparh goýmaz. Wokalçy Maýsa Nyýazowanyň we «Art-Motion» tansçylarynyň çykyşlary ajaýyp sazly agşama üýtgeşik öwüşgün berer. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanjak «Latyn Amerikasynyň nusgawy dünýäsine syýahat» atly «Tango» konserti agşamyň bezegi bolar. «Watan» kinokonsert merkeziniň sahnasynda argentina tangos...
TÜRKMEN KOMPANIÝASY ÖNDÜRÝÄN BOÝAGLARYNY EKSPORT ETMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR
“Dürs” hususy kärhanasy gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanada Italiýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy. Kärhana doly güýjünde işledilende, her gün 10 tonna çenli boýag öndürmäge ukyply. 2009-njy ýylda önümçiligini ýola goýan kompaniýa häzirki wagtda potolok, içki we daşky diwar boýaglary, boýagdan öňki gruntlama, kafel üçin ýelim öndürilýär. Dürli reňkdäki boýaglar 18, 2...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ý...