SOŇKY HABARLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZDAKY ENÄNIŇ WE ÇAGANYŇ SAGLYGYNY GORAÝYŞ YLMY-KLINIKI MERKEZINE BARDY
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda dö...
MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI – TÜRKMEN SUNGATYNYŇ NAÝBAŞY ESERI
XVIII asyr türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan memorial toplum ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Aşgabadyň taryhy merkezinde – Magtymguly şaýoluna görk berýär. Şahyryň heýkeli çal bazaltdan çapylan, tebigy heýkeliň suduryna kybap tebigy daşdan gurlan kompozisiýa onuň binýadydyr. Ýadygärlik 1970-nji ýylda aşgabatly binagärler bütinsoýuz bäsleşikde ýeňiş gazanan Wladimir Wysotiniň, Wiktor Kutumowyň we minskili heýkeltaraş Wiktor Popowyň taslamasy boýunça guruldy. Ýadyg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Russiýanyň holdingini...
WATANYMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT
Şu gün, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli al...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINE WE DOLANDYRYLYŞYNA BAGYŞLANAN OKUW GEÇÝÄR
Maý aýynyň 16-17-sinde Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň jaýynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly nobat boýunça sekizinji okuw geçirilýär. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Halkara Okeanlar Instituty (HOI) we Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan gurnaldy. Köp günlük çärä gatnaşýanlar işlerini duşenbe güni irden başladylar. Ýygnananlara okuwyň ýolbaşçysy doktor Ýuriý Olýunin we Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat A...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaş...