img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Mar

ILKINJI GEZEK SES BERÝÄN ÝAŞ SAÝLAWÇYLAR

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 98.940-dan gowragy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, ýagny seslerini berip, döwleti dolandyr...

DOWAMY
pic
11 Mar

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň möhüm wakalary beýan edilýär. Sahypalarynda beýan edilýän wajyp meseleler bu döwürleýin neşire diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyk getirdi. Daşary işler ministrliginiň esaslandyran bu žurnaly dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna aýdyň d...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI SAÝLAW TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY SAÝLAW GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy...

DOWAMY
pic
11 Mar

AŞGABATDA ZENANLARYŇ GATNAŞMAGYNDA «AFC WOMEN’S DAY 2022» FUTBOL FESTIWALY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda «AFC Women’s day 2022» futbol festiwaly geçirildi. Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futboluny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga itergi bermekden ybarat boldy. Sport baýramçylygynda futbol hem-de futzal boýunça ýygyndy toparlarymyzyň oýunçylary, ýaşajyk futbolçylar hem-de Türkmenistanyň Ýörite...

DOWAMY
pic
11 Mar

ÝURDUMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADALARYNA GATNAŞÝARLAR

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ýokary mekdepleriniň guraýan Halkara olimpiadalarynyň birnäçesinde üstünlikli çykyş edýärler. Türkmen talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň her ýyl guraýan «Lomonosow» Uniwersiadasynyň «Lingwistika» ugrundan bäsleşigine dördünji gezek gatnaşýarlar. Şu ýyl paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 29-sy bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň taryhynda ilkinji...

DOWAMY
pic
11 Mar

ÖZ HALKYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK

Türkmen milli drama teatrynyň düýbüni tutujylaryň biri Bazar Amanowyň terjimehaly şeýle setirler bilen başlanýar: «Men, Bazar Amanow, 1908-nji ýylyň 5-nji maýynda Tejen uýezdiniň Birinji Babadaýhan obasynda dünýä indim...» Ol sada, daýhan maşgalasynda dogulýar. Ir ýetim galyp, internatda terbiýelenýär, durmuşynda teatr sungatyna gulluk etmek höwesi döreýänçä dogduk obasynda zähmet çekýär. 1926-njy ýylda geljekki artist ýaňy döredilen türkmen teatr studiýasyna kabul edilýär. Ýöne oba oglanyna...

DOWAMY
pic
10 Mar

AGAÇLARYŇ WE GÜLLERIŇ ÝAZ EKIŞINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Şu günler Daşoguz şäherinde şäher çäklerini arassalamak we abadanlaşdyrmak boýunça ýerli kärhananyň hünärmenleri agaç nahallaryny ekmek üçin, toprak taýýarlygyny geçirýärler. Howanyň maýlamagy bilen, şäheriň ýaşyl gözelligini artdyrjak, onuň bag we seýilgählerini bezejek köp sanly daragt, gyrymsy agaç we gül ekmek göz öňünde tutulýar. Ekiş serişdesiniň esasy bölegi kärhananyň bäş gektar ýylakbajany we açyk nahalhanany içine alýan öz ýerinde taýýarlanypdyr. Olarda ösdürilip ýetişdirilen dürli gör...

DOWAMY