SOŇKY HABARLAR
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň we Malatýadaky Inönü uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Malatýa şäherinde “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň we ýurdumyzy wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlykl...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere garaldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Halkara zenanlar güni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI PUL SOWGATLARYNY DABARALY ÝAGDAÝDA GOWŞURMAK BELLENILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentin...
TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMA TASSYKLANYLDY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýylla...
BAG – DURMUŞYŇ BEZEGI
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem milli tokaý Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn müdirliklere we Aşgabat şäher häkimligine şu ýyl üç million (ýaprakly, pürli, miweli agaç, üzüm) nahallaryny oturtmak barada Karara gol çekdi. Türkmenistanda her ýyl ýurdumyzyň tebigatyna gözel görnüş berýän we ýurtdumyzda ekologik ýagdaýyň gowulaşmagyna goşant goşýan millionlarç...
DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ SAÝLAWLARY GEÇIRMEKDE ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda, derwaýys halkara hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA «GURLUŞLAÝYN DIALOG» BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boý...