SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
u gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame...
«DAÝAHATYN» KERWENSARAÝYNDA ABATLAÝYŞ – DIKELDIŞ IŞLERI ALNYP BARYLÝAR
Amerikanyň Birleşen Ştatlatynyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazykda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginiň çägindäki «Daýahatyn» kerwensaraýynda rejeleýiş, abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar. Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadyg...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 25 MILLION 509 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy. Owganystanyň we Özbegistanyň...
KONSTANTIN SYKULENKO – GÖZ KESELLERI INSTITUTYNYŇ ILKINJI ÝOLBAŞÇYSY
Şu ýyl Türkmenistanyň paýtagtyndaky göz keselleri ylmy-barlag institutynyň döredilenine 89 ýyl, onuň ilkinji direktory Konstantin Iwanowiç Sykulenkonyň hem doglan gününe 132 ýyl dolýar. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda institutyň kemala gelýän döwri onuň işgärleriniň öňünde şol wagt üçin wajyp wezipe – trahoma we beýleki göz kesellerine garşy göreşiň usullaryny öwrenmek meselesi goýlupdy. Bu ugurdan işleri guramak we alyp barmak üçin Odessadan professor K.Sykulenko çagyryldy. Ol Türkmenistan...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄK HEM ÖSDÜRILMEGINIŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji Sammitindäki çykyşynda, şeýle hem energetiki meseleleriniň üstünde durup geçdi we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. “Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy YHG-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görýär” – diýip Döwlet Baştutany nygtady. Ol şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini...
YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE HEM-DE ONUŇ DAŞYNDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÄHMIÝETI BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geografiki, taryhy umumylyklary, şeýle-de däp-dessurlary we gymmatlyklary bolan YHG-na gatnaşyj...