RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Okt

TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY IŞE BAŞLADY

Halkara söwda merkezi “Ready4Trade Merkezi Aziýada” taslamasynyň çäginde türkmen hünärmenleri üçin täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen baglanşykly gepleşikleri geçirmek boýunça üç günlük okuw maslahatyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär. Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. “R...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGI BILEN BILELIKDÄKI IŞLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan...

DOWAMY
pic
13 Okt

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýdi Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär: Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlamaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri...

DOWAMY
pic
13 Okt

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ GEÇIRILÝÄNDIGI YGLAN EDILÝÄR

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik Daşary işler ministrliginiň HGI-niň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň, şeýle hem diplomatiýa dünýäsine biperwaý garamaýan ähli ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Şunuň ýaly hünäre gönükdirme taslamasy diplomat hünäri bilen gyzyklanyp, ony üzül-kesil saýlap tutan mekdep okuwç...

DOWAMY
pic
13 Okt

ONLAÝN-SEMINARYŇ TEMASY - SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ULGAMYNDA HALKARA ŞERTNAMALARYNY BAGLAŞMAK IŞINI GOWULANDYRMAK

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-seminarda ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny baglaşmak işini kämilleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Trening...

DOWAMY