RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Okt

PUŞKINIŇ HALY PORTRETI

?Könürgenç» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Daş metjit» halk senetleri muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da bellidir. Muzeýde türkmen halkynyň gadymy durmuşyny we medeniýetini beýan edýän dürli artefaktlar aýawly saklanylýar. Halk ussatlarynyň el hünäri bolan ençeme eksponatyň arasynda rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň hala salnan şekili ünsümizi özüne çekdi. Onsoň bu portretiň awtory, onuň muzeýe nähili ýol bilen düşenligi barada sowall...

DOWAMY
pic
10 Okt

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewürlerine tekiz boýalan...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMEN FUTBOLÇYSY FIFA –NYŇ GEÇIREN MASLAHATYNDA ÇYKYŞ ETDI

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli ýygyndy toparynyň kapitany, “Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Arslanmyrat Amanow futbol assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň 2024-nji ýyldan soňra geçiriljek futbol ýaryşlarynyň geljegine bagyşlanyp, geçirilen onlaýn duşuşygyna gatnaşdy. FIFA –nyň futboly ösdürmek we dünýäde wagyz etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Arsen Wengeriň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga federasiýalaryň we assosiasiýalaryň wekilleriniň 200-den gowragy gatnaşdy. “...

DOWAMY
pic
10 Okt

«SAÝATLY-HEMRA» DESSANYNYŇ GAHRYMANY BALSAÝADYŇ GUPBASY ÜÇIN BIRINJI BAÝRAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Gözbaşy gadymdan gelýän gözellik» ady bilen şaý-sepleriň sergi-bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden zergärleriň 65-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşyna, bilimine we işleýän döwrüne parh goýulmaýardy. Esasy zat – teklip edilen işleriň ýokary çeperçiligidi. Bu çäräniň sungatyň beýleki görnüşlerinden aýrylykda geçirilen ilkinji ser...

DOWAMY
pic
10 Okt

HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞY HAKYNDAKY ALADA MILLI LIDERIMIZIŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY ÝÖRELGESIDIR

9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi — Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar sebitde hem halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli ulag ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk iş...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI

Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şu gün geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINI «TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA» ATLY TÜRKMENISTANYŇ ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA PERMANY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamy hem ýokary derejelere ýetip, onuň ylmy we hukuk esaslary yzygiderli berkidilýär. Keselleriň netijeli öňüni almak, olary bejermek, saglygy goraýyşda gazanylan öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ýokary depginler...

DOWAMY