img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Dek

TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Ýer zemin berekedi» hususy kärhanasynyň posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 millio...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmeni...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...

DOWAMY
pic
19 Dek

«HINDISTAN - MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY

2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.   Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen taky...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY

Şu gün, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşy...

DOWAMY
pic
19 Dek

СОТРУДНИЧЕСТВО ТУРКМЕНИСТАНА И КИТАЯ В ГАЗОВОЙ СФЕРЕ

Национальное бюро статистики Китая опубликовало данные о производстве энергии в стране, а также импорте энергоресурсов с января по ноябрь текущего года. Относительно газового сектора сообщается, что добыча природного газа ускорена, а его импорт замедлился. Обладающий колоссальным энергетическим потенциалом Туркменистан является лидером по поставкам трубопроводного газа в КНР. На состоявшемся в августе 2021 года запуске проекта строительства на месторождении «Galkynyş» трёх новых газовых скваж...

DOWAMY
pic
19 Dek

TEBIGY GÖZELLIKLERIŇ MESGENI

Şanly ösüşleri, taryhy ähmiýetli özgerişleri başdan geçirýän Türkmenistan Diýarymyzyň her bir sebitiniň göreni haýran galdyrýan, özüne mahsus özboluşly tebigat gözellikleri bar. Ata Watanymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şeýle jenneti künjekleriň biri-de Balkan welaýatynyň «Hazar» döwlet tebigy goraghanasydyr. Onuň alyslara ýaýylyp ýatan çäginiň umumy tutýan meýdany 268 müň gektara golaýdyr. Goraghananyň iň uly bölegi bolan «Hazar» meýdançasy ýalpak...

DOWAMY