img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Ýan

TÜRKMENISTANDA RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ ÝAZGYLARYNY ONLAÝN HASABA ALMAK BOÝUNÇA TASLAMA IŞLENIP DÜZÜLÝÄR

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba...

DOWAMY
pic
19 Ýan

KYRK ÝYLDAN SOŇ: WLADISLAW BAHREWSKIÝ – MAGTYMGULY HAKYNDA POWESTIŇ AWTORY

Russiýanyň ýazyjylar birleşginiň agzasy, rus edebiýatyny ösdürmäge goşandy üçin Puşkin adyndaky baýraga mynasyp bolan Wladislaw Anatolýewiç Bahrewskiniň adyny ýurdumyzyň okyjylary gowy bilýärler. Ol taryhy romanlaryň birnäçesiniň we çagalar üçin kitaplaryň awtory, şeýle hem terjimeçi hökmünde dürli ýaşdaky okyjylaryň söýgüsini gazandy. Ol ömrüni we döredijiligini güneşli Türkmenistan bilen baglanyşdyranlygy bilen hem tanalýar. Bu ýazyjy barada anygrak gürrüň bermek üçin biz elektron poçta bil...

DOWAMY
pic
19 Ýan

MOLLAGARA – ŞYPALY SUWLY KÖLI

?Mir24.tv» saýtynyň habar bermegine görä, «MIR 24»-iň habarçysy Sergeý Polýakow belli «Mollagara» şypahansyna. Žurnalist kölüň suwunyň ýylda dört gezek reňkini üýtgedýändigini belleýär. Ýaňyrak hem ol mawydy, häzir bolsa suw giňişligi goýy goňur reňke boýalypdyr. Reňki bilen birlikde suwuň himiki düzümi hem üýtgäpdir. Goňur reňkiň öwüşginleriniň peýda bolmagy daýanç-hereket ediş ulgamy keselli bolan myhmanlaryň gelmegine garaşylýan şypahanada täze bejeriş möwsüminiň başlanandygyny aňladýar....

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AHAL WELAÝATYNYŇ EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz bu iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine tarap ugrady. Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede, ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi milli...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla — berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçi...

DOWAMY
pic
18 Ýan

«AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINDÄKI BINALARYŇ WE DESGALARYŇ GURLUŞYKLARYNYŇ MESELELERI HAKYNDAKY» KARARY

“Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem bu merkeziň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara: — Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 1377-nji, 2019-njy ýylyň 8-nji n...

DOWAMY
pic
18 Ýan

HUSUSY ÖNDÜRIJILERE EKIŞ ÝERLERI

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda oba hojalygyna hususy pudagy barha işjeň ornaşýar. Şol sanda, sebitde oba hojalygyna ýardamçy hökmünde döredilen ýörite ýer gaznasynyň kömegi bilen, ýer bölekleri döwlet buýurmasyna girizilen bugdaý, pagta we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde hususy öndürijilere bölünip berilýär. Olaryň aglabasynyň sebitde dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini öndürijileriň birine öwrülip barýan Ruhubelent etrabynda ýerleşýändigi bellemeli. Bu...

DOWAMY