RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Maý

KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemm...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WATANDAŞLARYMYZY ÝEŇIŞ GÜNI BILEN GUTLADY

Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk e...

DOWAMY
pic
8 Maý

MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...

DOWAMY
pic
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKYMYZY MÜBEREK GADYR GIJESI MYNASYBETLI GUTLADY

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar! Sizi kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan mübärek Gadyr gijesi milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da dabaraland...

DOWAMY
pic
8 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-ny...

DOWAMY
pic
8 Maý

«HATYRA» KITABYNYŇ BIRINJI JILDINIŇ TÄZE NEŞIRI

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu neşir Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Bu taryhy-resminamalaýyn iş Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan, dereksiz ýiten esgerleriň we serkerdeleriň edermenligine bagyşlanýar. Kitap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Wata...

DOWAMY
pic
8 Maý

GAHRYMANLYK UNUDYLMAZDYR: GENNADIÝ BABIKOWA, EDUARD ASADOWA HEM-DE WELI MUHADOWA BAGYŞLANAN HATYRA AGŞAMY

9-njy maýda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagyna 76 ýyl doldy. Beýik Watançylyk urşy Sowet Soýuzynyň her bir raýatyna agyr düşdi. Ýurduň uludan-kiçä ähli ilaty duşman leşgerinden goraga aýaga galdy. Döredijilik işgärleri: suratkeşler, sazandalar, edebiýatçylar-da ondan çetde durmadylar. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýerleşýän “Rus öýünde” geçirilen “Gahrymanlyk unudylmazdyr” atly agşam Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan üç gerçegiň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Olar -ömri Türkmenist...

DOWAMY