SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ministrler syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylda ýokary derejeli saparlary guramaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasy edaralary...
OWGANYSTANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI TÄZE BAŞ KONSULYNA EKZEKWATURA GOWŞURYLDY
2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Nuriddin Rahmani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Owganystanyň Baş konsuly özüniň konsullyk patentini gowşurdy we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy berildi. Taraplar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem-de ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Ik...
AŞGABATDA BMG-NYŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MASLAHATYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek ýokary derejeli (cop26) maslahatyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygyny gurady. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga halkara guramalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn doland...
TATARYSTANYŇ MASS-MEDIALARY TÜRKMEN KÄRDEŞLERI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
17-nji martda Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň «Татмедиа» Metbugat we köpçülikleýin kommunikasiýalar baradaky respublikan agentliginiň ýolbaşçysy Aýdar Salimgaraýew we «Новый Век» (ТНВ) teleradiokompaniýasynyň baş direktory Ilşat Aminow bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar täzelikleri alyşmak, Türkmenistanda we RF-niň Tatarystan Respublikasynda žurnalistleri özara hasaba almak, Türkmenistanyň Kazandaky Söwda öýüniň internet-saýt...
SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI WE MASLAHATY
Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzüm tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahatda Türkmenistanyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbangul...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn teleköpri arkaly Germaniýanyň “Senior Experten Service” guramasynyň (“Tejribeli hünärmenler gullugynyň”) ginekologiýa boýunça hünärmeni — doktor Amin Mortazawiniň hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň akuşer-ginekolog lukmanlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Germaniýanyň bu guramasy bilen ençeme ýyllar...