SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup,...
RESMI HABAR
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykda...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...
BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny, şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...
ИСТОРИЯ АШХАБАДА: НА ЗАРЕ ДВАДЦАТОГО ВЕКА
Накануне 140-летнего юбилея столицы Туркменистана стоит оглянуться назад и вспомнить, с чего начинался Ашхабад, что предшествовало его возникновению и какие этапы истории оставили след в его нынешнем облике. Этот город, любимый всеми поколениями ашхабадцев, имеет свое неповторимое лицо и ныне, находясь в состоянии динамичного развития, также оригинален, как был самобытен в прошлом. Историк архитектуры Руслан Мурадов продолжает рассказывать об этом. Предыдущая часть здесь. Начало ХХ века было...
MILLI KONSERWATORIÝADA AÝDYMÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI: TÄZE ATLAR, ŞOWLY ÇYKYŞLAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda estrada sungaty kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde aýdymçylaryň bäsleşigi geçirildi. Oňa 14 talyp gatnaşdy. Her bir kafedranyň çykyşlarynyň hepdeligini guramak – täzelik, ýöne ol konserwatoriýanyň däbine öwrülip gider öýdülip garaşylýar. Döredijilik bäsleşigi iki tapgyra bölündi. Onuň şerti boýunça ýaş aýdymçylar öz islegine görä nusgawy halk we ýewropa aýdymlarynyň ikisini aýdyp bermeli. Şeýlelikde, aýdymçylar ýeke bir ýerine ýetirijili...