RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Ýan

TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝADA «SPUTNIK V» SANJYMYNY BELLIGE ALAN ILKINJI DÖWLET BOLDY

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.   Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesi...

DOWAMY
pic
17 Ýan

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI LAPIS LAZULI GEÇELGESI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ “ÝOL KARTASYNY” YLALAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini  işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi.   Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Must...

DOWAMY
pic
16 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Onuň Alyhezreti, jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Çuňňur hormatlanylýan Prezident! Size belent hormatymyzy hem-de Türkmenistanda sportuň agyr atletika görnüşiniň ösmegine goşýan ägirt uly goşandyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň yzygiderli goldawyňyz bilen, Türkmenistanyň Milli agyr atletika federasiýasy hem-de Milli olimpiýa komiteti bilen bilelikde diňe Türkme...

DOWAMY
pic
16 Ýan

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy. Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistan...

DOWAMY
pic
16 Ýan

GARAGUMYŇ UMMASYZ BAÝLYKLARY

Gadym döwürlerden Garagum adyny alan gözýetmez, bir bölegi beýewan, aglabasy çäge gumluk Merkezi Aziýada iň uly, dünýäde iri çölleriň biridir. Ol Türkmenistanyň meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny tutup, günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda – Horezm golunyň, gündogarda – Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýyň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Jemi 350 müň inedördül kilometrden hem gowrak bu çölüň tutýan meýdany Beýik Britaniýa, Italiýa ýa-da Norweg...

DOWAMY
pic
16 Ýan

«...HUDAÝ SUNGATLARDA MAŇA ZEHIN BARYN EÇILIPDIR»

?Seniň jady gözleriň» aýdymyna goşgynyň awtory Gara Seýitliýew ony aýlay Zinaida Fýodorowna bagyşlapdyr. 1955-nji ýylda Andreý Babaýewiň sazyna döredilen aýdym «Aşyr aganyň hötjetligi» filminde ýaňlanýar. Tanymal aýdymçy Raşid Beýbutow ony şeýle bir ajap aýtdy welin, ol ençeme ýyllap filmiň özünden meşhur boldy. Ýyllar geçip, «Seniň jady gözleriň» aýdymyny Myrat Diwanaýew aýdyp ugrady. Onuň konsertleriniň ählisi diňleýjileriň haýyşy bilen şol ajaýyp aýdym bilen jemlenýär, ol aýdymçynyň tutuş dör...

DOWAMY