SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy...
RF-IŇ ASTRAHAN OBLASTYNDAKY MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEP ÜÇÝYLLYGYNY TOÝLAÝAR
18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýa we Baýdak Güni, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Çäre Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň goldamagynda geçirildi. Dabara Russiýanyň DIM-iň Astrahandaky Wekilliginiň ýolbaşçylary we Halkara gatnaşyklary agentliginiň wekilleri, munisipalitetiň deputatlary, şeýle hem je...
TBILISINIŇ TELEÝAÝLYM DIŇI TÜKMEN BAÝDAGYNYŇ REŇKLERI BILEN ŞÖHLELENDIRILDI
2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi. Tbilisi teleýaýlym diňi «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerinde ýerleşýär, bu ýerden şäheriň gözel keşbine syn edip bolýar. Ol 1972-nji ýylda guruldy. Teleý...
YLHAM JOŞGUNY: ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINDE BAÝRAMÇYLYK SERGISI AÇYLDY
Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Baýdak Gününe bagyşlanyp çeper suratlaryň, grafika eserleriniň, heýkelleriň we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy. Suratkeşleriň her biri bu temanyň çeper beýanyny tapmaga özüçe çemeleşipdir. Türkmen döwletiniň esasy nyşanlary bolan – Baýdagyň hem-de ýurduň Baş kanunynyň her hili röwüşlerde şekillendirilen nusgalary bu serginiň esasy eksponatlarydyr. Şu ýyl «Parahatlyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň dab...
АШХАБАД, БИШКЕК, ТАШКЕНТ И ТЕГЕРАН ОБСУДИЛИ СОЗДАНИЕ НОВОГО ЖЕЛЕЗНОДОРОЖНОГО КОРИДОРА
Руководители железнодорожных ведомств и диппредставительств Туркменистана Кыргызстана, Узбекистана и Ирана провели переговоры по видеосвязи по вопросу создания нового железнодорожного коридора. Инициатором проведения встречи выступил Кыргызский союз промышленников и предпринимателей (КСПП). Суть нового проекта состоит в организации контейнерных перевозок в Туркменистан, Кыргызстан и Узбекистан через иранский порт Бендер-Аббас и обратно. По предварительным расчетам экспертов, контейнерные п...
ASTRAHANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝULDY
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygy Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) goldamagynda beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şäheriň gözel ýerleriniň birinde gurlan ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady. Çärä Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A. G. Aýdin, AGU-nyň prorektory A.W.Titow, “Priwolžýe raýony” munisipial bilim edarasynyň başlygynyň orunbasary N.S.Malyşew, Astrahanyň türkmen mede...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de dabaraly bellenýän şanly sene –— Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň we rowaçlygymyzyň...