RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Awg

TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇISI BELLENILDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji awgusty. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.Seýitmämmedow hakynda Döwletmyrat Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatda...

DOWAMY
11 Awg

TÜRKMEN-INDONEZIÝA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli...

DOWAMY
10 Awg

NURY HALMÄMMEDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 85 ÝYLLYGYNA

Moskwada taýýarlanylýan «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitorlyk mekdepleriniň emele geliş meselesi» atly halkara ylmy we amaly maslahata ylmyň, medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri, nazaryýetçiler we sazandalar gatnaşarlar. Aýdym-saz dünýäsindäki bu uly waka milli saz sungatynyň halypasy, beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna gabat getirilmek bilen 2023-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Türkmen kompozitorynyň eserlerine dünýä der...

DOWAMY
10 Awg

DURNUKLY ÖSÝÄN YKDYSADYÝET — HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ KEPILI

Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň...

DOWAMY
9 Awg

ÝAPON ÝOKARY OKUW MEKDEBINE TÜRKMEN DILI SAPAGY GIRIZILÝÄR

Täze okuw ýylyndan başlap Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin okuw sapaklaryna türkmen dili dersini girizer. Sapaklar türkmen dilini, edebiýatyny, medeniýetini öwrenmek isleýän talyplar üçin ýola goýlar. Diňleýjiler üçin leksiýalary Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku alyp barar. Masahiro Oku türkmen dilini özleşdirmek isleýänlere kömek bermek maksady bilen, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýapon dili bölümini tamamlan J...

DOWAMY
9 Awg

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA TÄZE NEŞIRLER

Meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek üçin geçirilýän giňişleýin çärelerde onuň goşgular ýygyndysyna, Magtymguly baradaky ylmy makalalara, monografiýalaryň lingwistik aýratynlyklaryna, beýik akyldaryň şahyrana dili hem-de şahyryň eseriniň türkmen aýdym-saz we şekillendiriş sungatyndaky ornuna, şahyryň döredijiliginiň beýleki halklaryň medeniýetine täsiri baradaky neşirýat işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. 2023-2024-nji ýyllarda ak...

DOWAMY
8 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministri Li Sýan Luna hem-de ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine yzygiderli giňeldiljekdigine uly ynam bildirdi. Mümkinçilik...

DOWAMY