SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYŇ GURLUŞYK DESGALARYNDAKY IŞLER BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykl...
MILLI LIDERIMIZ SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlar...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI
Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi. Hususan-da, futzal, basketbol, tennis, fitnes, gimnastika, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar guraldy hem-de küşt we bouling oýnaldy....
WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMENISTANYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk t...
«ТÜRKMENNEBIT» DK-NIŇ WE «ТATNEFT» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 8-nji aprelinde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Onlaýn...
SALAM, AK GÄMI, ÝA-DA ÇINGIZ AÝTMATOWYŇ POWESTI AŞGABAT SAHNASYNDA
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti esasynda täze oýun sahnalaşdyrdy. ...Spektaklyň wakalary ejesi bilen kakasy aýrylyşandan soň awçynyň kömekçisi bolup işleýän atasynyň elinde galan mähirli we mylaýym ýedi ýaşly oglanjygyň ýaşaýan owadan jülgesinde bolup geçýär. Awçy Orazkul arak içip ömrüni köýdürýän hem-de oglanjygyň ejekesi, öz aýaly Bekeýi we töweregindäkileriň baryny çagasy bolmaýandygy üçin ýigrenýän zulumkeş adam. Bu maşgalanyň durmuşy ejiz, p...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI
Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda milli maksatnamalarymyzy we...