SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko Patyşalygynda...
WOLGOGRADDA TÜRKMEN ÝAŞLARYNDAN FOKLOR TOPARY WE FUTBOL TOPARY DÖREDILDI
3-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldamagynda Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetinde (WDSMU) RF-iň şu sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda «Mekan» futbol topary we «Bitaraplyk» folklor topary döredildi. Şu waka gabatlanyp «Mekan» we WDSMU-nyň ýygyndy toparlarynyň dostluk duşuşygy geçirildi, şeýle hem «Bitaraplyk» folklor toparynyň çykyşy boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Konsully...
AŞGABATDA DÖWLET EDARALARYNYŇ WE KHBS-NIŇ ÖZARAHEREKET ETMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda netijeli özarahereket etmegiň başarnyklary boýunça iki günlük seminar öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guraldy. Seminara ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň milli hem-de garaşsyz KHBS-niň...
TÜRKMEN BILBILINE BAGYŞLANÝAR: MEDENIÝET ŞAHBERDIÝEWANYŇ HATYRASYNA
Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti Medeniýet (Maýa) Şahberdiýewa türkmen bilibili diýýärdiler. Näme üçin oňa şeýle at berildikä? Bizde owadan güýçli sesli opera aýdymçylary ozalam kändi, häzirem ýetik. Ýöne olardan täk biri milli sungatymyzyň taryhyna Türkmen bilbili bolup girdi! Medeniýet Marynyň çagalar öýünde terbiýelenýär. Saza ukyply gyzjagazyň bagty gelip, Respublikan çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň skripka bölümine alynýar. Medeniýet şol ýoldan giden bolsa, belki, ussat skr...
DAŞOGUZDA ZENANLARA BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY
Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Gözellig wasp edip» atly sergi açyldy. Ony Nakgaşlar birleşmesiniň welaýat bölümi, sebit medeniýet müdirligi we muzeýiň işgärleri guradylar. Tematiki sergide žiwopis we heýkeltaraşlyk, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleri görkezilýär. Onuň bölümleriniň birinde demirgazyk sebitiň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçyl...
ZENANLARA NIÝETLENEN BAHAR GÜLLERI
Nurly Meýdan gülçülik hojalygynyň nahalhanasynda ýokary hilli bägülleriň müňlerçesi gunçalap otyr. Baharyň ilkinji günleri ýüz müňden gowrak gül ýygmak göz öüňnde tutulýar. Halkara zenanlar gününe niýetlenen baýramçylyk desseleri Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän ekskluziw sortly güllerden düzüler. Fransiýada ýetişdirilýän ýumşak gülgüne, süýt reňk we sary garyşyk Fiesta, näzik Avalanche, uzak saklanýan Penny Lane, gülçüleriň halany Dolce Vita, ak-gülgüne Jumilia, ýürekleri eýele...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara ta...