SOŇKY HABARLAR
AHAL WELAÝATYNDA BMG-NIŇ GÜNI MYNASYBETLI TALYPLARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. BMG-niň güni mynasybetli geçirilen bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar...
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy. Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar. Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda türkmen Liderin...
BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...
TBILISIDE HALKARA ULAG ÜSTAŞYR GEÇELGELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...
MAGALI LEŽE, RESUL GYLYJOW, NURY NURYÝEW: BERLIOZ WE BEÝLEKI TANYMAL KOMPOZITORLAR BARADA SÖHBET
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry nusgawy sazlaryň muşdaklaryndan doldy. Fransiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde guralan konsert Gektor Berliozyň aradan çykan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli belli fransuz kompozitorynyň hatyrasyna bagyşlanyp guraldy. Konsertden öň biziň bilen gysgajyk söhbetinde Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižory Resul Gylyjow şeýle diýdi: -Gektor Berlioz a...
RESMI HABAR
?Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem elektrik energetikasy pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: - Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň Tertibi; - Elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşyg...