SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky ça...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SZILIN WELAÝATYNDA GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO bilen bagly çärelere, şeýle hem EKSPO-nyň çäklerinde geçirilýän «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostluk sergisine we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilyna gatnaşmak maksady bilen Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde iş saparynda boldy. Çançun şäher...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Giriş Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmen lideriniň Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakob hem-de ýurduň premýer-ministri Li Sýanlun bilen duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.
EÝRANDA TÜRKMENISTANYŇ AHAL WELAÝATYNDA ÖNDÜRILEN HARYTLARYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 25-27-nji awgusty aralygynda türkmen wekiliýeti ýurduň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilýän Ahal welaýatynda öndürilen harytlaryň sergisine gatnaşýar. Sergä Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýerli kompaniýalar we ýurduň ýaşaýjylary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynd...
GULÝA GURBANOWA: ÖZÜŇIZE DÖRETMÄGE MAÝ BERIŇ
Aşgabadyň sergi merkezindäki sergileriň birinde keçe tilsiminde ýerine ýetirilen üýtgeşik manzar görkezildi. Manzaryň ýordumyny nygtaýan gara fonda Germaniýanyň Graýfswald şäheriniň kenarýakasynyň agşamky keşbi, aýlagdaky ýalňyz gaýyjyklar, suwa ýalpyldysy düşýän nurana aý, şuglaly penjireleriň öwüşgini... şekillendirilipdir. Surat «Söýgi pursady» diýlip atlandyrylýar. Eseriň awtory – bezegçi-nakgaş Gulýa Gurbanowa bu şahyrana manzaryň – duýdansyzlykda söýgi sözleri aýdylan pursatyň ýatlamasy...
HAJ PARZYNY BERJAÝ EDEN TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY DOLANYP GELDILER
Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 160-sy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we mukaddes Käbä sežde etmäge dün...