SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI «C5+1» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Şu gün, 21-nji awgustynda Nur-Soltan şäherinde «C5+1» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly ulgamlarda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň arasyndaky özarahereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýandyr. Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ ÇÖKGÜNLIGINIŇ WE DAŞKY GURŞAWYŇ ÝARAMAZLAŞMAGYNYŇ ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň b...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ OBASENAGAT TOPLUMYNDAKY ÖZGERTMELERI - AZYK BOLÇULYGYNYŇ BINÝADY
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutan...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki edaralaryň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň oba ho...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Merkezi bankyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe käýinç yglan edildi.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Suhanow Orazdurdy Meýlisowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.