img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Apr

“MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ SEKIZINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün t...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy mun...

DOWAMY
pic
14 Apr

MERKEZI AZIÝADA SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN TASLAMANYŇ ÇÄGINDE IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde döredilen Dolandyryş komitetleriniň iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýä...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW: — ÝURDUMYZYŇ DEŇIZ DERWEZESI — ÝEWRAZIÝANYŇ MÖHÜM ULAG-LOGISTIKA ÇATRYGY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Az salymdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan toý saparynyň şanyna sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda döwletimiziň goldaw bermeginde ýurdumyz...

DOWAMY
pic
14 Apr

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: ÝEDINJI OÝUN

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guran «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň «Akgoýunly, Garagoýunly, Memluk türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly tema boýunça 7-nji oýny geçirildi. Däp bolşy ýaly, bäsleşik üçin ýörite gurlan Ak öý bu gezek Akgoýunly, Garagoýunly, Memluk türkmen döwletleriniň dürli döwürlerini alamatlandyrýan taryhy esbaplar bilen bezeldi....

DOWAMY
pic
14 Apr

AŞGABAT-BAKU: HYZMATDAŞLYK PUGTALANÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasynyň ösüş we diplomatiýa institutynyň trening-programmanyň ýolbaşçysy Nargiz Ismaýilowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkezi bir aý mundan ozal Azerbaýjanyň halkara gatn...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMEN KOMPANIÝASY «GÖRK» FILAMENT LAMPALARYNYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ÖNÜMÇILIGINE GOŞDY

?Abat şekil» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda öndürilýän «GÖRK» haryt nyşanly filament lampalary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň web-saýtynda habar berilýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen kärhanada filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Geçen aýda LED filament lampalarynyň täze, A-60, E-27 görnüşiniň öndürilip başlanmagy bilen...

DOWAMY