SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
?Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň çäklerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz w...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY PANDEMIÝA TAÝÝARLYGY ÝOKARLANDYRMAK BOÝUNÇA YLALAŞYGA GOL ÇEKDILER
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi « COVID-19 ýokanjyna seslenmek» taslamasyny durmuşa geçirmek maksadyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýurduň pandemiýa taýýarlygyny güýçlendirmek boýunça ylalaşyga gol çekdi. Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirýän taslamasy keseli barlamakda we bejermekde, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmakda, şeýle hem reagentleri, dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almakda milli mümkinçiligi pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Ol ýokanç...
«DÜNÝÄNI BAÝLYK BILEN ALMARSYŇ ... »
Ýurdumyzyň şanly senesine – Türkmenistanyň Garaşszylygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan teatr oýunlary Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň «Türkmen gerçegi» atly spektakly bilen başlandy. «Türkmen gerçegi» spektaklyny Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikow «Görogly» şadessanynyň esasynda goýupdyr. Oýnuň sahnasyny şertli iki şahna bölse bolar: olarda Göroglynyň dogluşy, düýşünde Agaýunus perini görüşi, 40 ýigidi bilen Watan goragyna çykyşy beýan edilýär. «Görogly» şadessany öwüşginl...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMASYNA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan resminama gol çekdiler. Bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdi...
HALK HOJALYGYNYŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi işe başlady. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary, sosial pudagyň müdirlikleri çagyrylypdyr. Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hususan-da: “Türkmenistan ̶ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Wat...
ÖZ DILIŇIZ BARADA GÜRRÜŇ BERIŇ: ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ DILLER ATLASYNY DÖRETMÄGE GATNAŞYŇ
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşen edarasy (UNESCO) dünýä dilleri barada täze maglumatlary ýygnamak üçin, onlaýn soragnamany işe girizdi. Maglumat ýygnamak boýunça bu tagallalar innowasion we interaktiw gural, ýagny ÝUNESKO-nyň dünýäde ulanylýan 8 müňden-de gowrak dili öz içine alýan bütindünýä diller atlasyny döretmäge gönükdirilendir. Dil ulanmak bilen baglanyşykly ummasyz jäheti öz içine alýan atlas olaryň deň derejede ykrar edilmegi üçin, dilleri gorap saklama...