RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Sen

AHALDA TÄZE JAÝLARYŇ SANY ARTÝAR

Türkmenistanyň 30 ýyllyk toýy toýlanmagynyň bosagasynda Ahal welaýatynda ýene-de täze gurlan jaýlar ulanylmaga berildi. Mysal üçin, 48 öýli dört gatly jaý Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň we onuň bölümleriniň işgärleri üçin Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan doly taýyn edilip tabşyryldy. Ilatyň rahat ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilen ýaşaýyş toplumynyň meýdany 8179 inedördül metre barabar. Onuň gurluşygy üçin häzirki zaman enjamlary we ýokary hilli gurluşyk serişde...

DOWAMY
pic
23 Sen

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGY TOPH GAZ GEÇIRIJISINI GOLDAÝAR

Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny goldaýar. Bu barada Patyşalygyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd Saud Arabystany Patyşalygynyň yglan edilen güni mynasybetli Aşgabatda «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çykyş edende mälim etdi. «Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň ählumumy energetik durnuklylygy we energiýa gorlarynyň TOPH ýaly iri taslamalar arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmakda köpdürliligiň möhüml...

DOWAMY
pic
22 Sen

«C5+1» FORMATYNYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE ABŞ-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň...

DOWAMY
pic
22 Sen

«EKSPO-2020 DUBAÝ» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINIŇ GURAMAÇYLARY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministri O.Gurbannazarowyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň “EKSPO-2020 Dubaý” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň a...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE ÇYKYŞ ETDI

Şu gün, 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.  Öz çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany halkara bileleşiginiň global guramanyň – BMG-niň platformasyndaky özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şu ýyl badalga berilen ynanyşmak we gepleşikler medeniýetiniň BMG-niň strategiki gün tertibiniň hemişelik düzümi bolmak bilen birlikde, dü...

DOWAMY
pic
22 Sen

«NEBIT-GAZ» GAZETI 10 ÝYLLYK ÝUBILEÝINI BELLEDI

Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň «Nebit-gaz» gazeti döredileniniň 10 ýyllygyny belledi. Pudaklaýyn neşiriň ilkinji sany 2011-nji ýylyň sentýabrynda çap edilipdi. Gazet şu döwürde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan etdi, nebit-gaz pudagynyň täzelikleri we taslamalary, şeýle hem ýurtda hem-de dünýäde bolup geçýän wakalar barada gürrüň berdi. Türkmen KHS-inde çalt depginde ösdürilýän sanly ulgam neşiriň köpsanly okyjylaryna gazetiň täze sanyny elektro...

DOWAMY
pic
22 Sen

MERKEZI AZIÝA — MILLI TAGAMLAR

Aziýanyň milli tagamlary dürli-dürlüdir, eýsem-de bolsa, olaryň özara meňzeşligi-de bardyr. Mysal üçin, bu sebitiň ähli ýurdunda tüwüdir gök önüm giňden ulanylýar. Aziýa naharlarynyň ählisini-de agzynyň tagamyny bilýänleriň mynasyp baha bermegine görä, datly tagamdyr hoşboý ys hem hoşmaza goşundylar tapawutlandyrýarlar. Özbek tagamlarynyň görnüş taýdan köpdürlüligi gadymy özbek şäherleriniň uly söwda ýollarynyň çatryklarynda amatly şertlerde ýerleşmeginiň netijesi bolup, türk we pars aşhana m...

DOWAMY