SOŇKY HABARLAR
ANŽELIKA ÝALKABOWANYŇ ILDEŞLERIMIZE AJAÝYP SOWGADY
Ýurdumyzda jemgyýetiň medeni ösüşine saldamly goşant goşýan döredijilik işgärleriniň ençemesi bar. «Altyn serpaý» çagalar skripkaçylar ansamblynyň ýobaşçysy Anželika Ýalkabowa-da şolaryň biri. Topar 2013, 2015, 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy. Anželika Ýurýewnadan ilkinji gezek haçan eline skripka alandygyny soranymyzda, şeýle gürrüň berdi. Çagalar bagynda geçirlen bäsleşikde,...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewürlerine dürli kysymly awtoulaglar, float aýnasy, nah ýüplük hem-de bakja önümleri ýerlenil...
«BALKAN» GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY GURY ÝÜK DAŞAÝJY GÄMISINI GURAR
?Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ göterijilik ukyby 5300 – 8100 tonna bolan «Balkan» ýük gämisini gurar. Bu gurluşygy amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, halkara ýük daşaýjylygy bilen meşgullanýan «Hazar logistik» hususy kärhanasy tarapyndan meýilleşdirilýär. Bu ýük gämisiniň gurluşygy boýunça meýilleşdirilýän işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji oktýabrda geçen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanynda...
TOMAŞAÇYLARA TÄZE KINOFILMLER HÖDÜRLENILÝÄR
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmler surata düşürildi. Olaryň premýerasy ýakyn günlerde bolar. Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly taryhy filmi XVIII asyryň wakalaryny beýan edýär. Onuň baş gahrymany türkmen hökümdarynyň tabşyrygy bilen uzak ýola rowana bolýar. Ol ençeme synaglary başdan geçirýär... Kinofilm ýurdumyzyň owadan taryhy sebitlerinde, tebigatymyzyň özboluşly künjeklerinde surata düşürildi. Wepa Işangulyýew...
IÝM TAÝÝARLAMAK IŞI ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄR
Daşoguz welaýatynda mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Mallaryň gyşda dok bolmagyna diňe olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagy däl, eýsem soňundan köpelmegi hem baglydyr. Şonuň üçin bu sebitde iým tetärigini görmegiň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bu ýerde wagtlaýyn iş toparlary döredilipdir, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar. Daýhan birleşiklerinde we gara mal...
OBA HOJALYK WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRLIGINE TRAKTORLAR HEM-DE KOMBAÝNLAR ÜÇIN ÄTIÝAÇLYK ŞAÝLARYNY SATYN ALMAK BARADA DEGIŞLI DAŞARY ÝURT KOMPANIÝALARY BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY» ATLY BAÝRAGYNY ALMAK UGRUNDAKY BÄSLEŞIGI GEÇIRMEK ÜÇIN KARARA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berý...