SOŇKY HABARLAR
HASYL TOÝY: TÜRKMEN DAÝHANLARYNYŇ ZÄHMETINIŇ ŞANYNA DABARALAR
Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderl...
PLASTMASSANYŇ ÝERINE EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA WE MODALY ESBAPLAR
Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dürli ýurtlarda plastik torbalaryň deregine ekologiýa taýdan arassa çalşyrgyçlar hödürlenýär. Bular dury poliester torbalar, häzirki zaman moda biçüwçileri tarapyndan gaýtadan dikeldilen örme torbalar we mekgejöwen krahmalyndan öndürilen edil plastmassa meňzeş, ýöne ekologiýa taýdan arassa torbalardyr. Hatda, öň zibil hasaplanýan dökülen ýapraklardanam häzirki zaman tehnologiýasy azyk önümleri üçin kagyz we kagyz tor...
PARIŽDE ÝUNESKO-NYŇ ÝUBILEÝI BELLENILDI WE TÜRKMENISTAN BILEN GATNAŞYKLARA GARAÝYŞ
Indi 75 ýyl bäri ÝUNESKO adamzadyň medeni mirasyny gorag astynda saklaýar we köpeldýär, tebigy baýlyklary goraýar we bilimdir ylymyň ösüşine ýardam edýär. Häzirki zaman dünýäsinde bu guramanyň ähmiýetiniň bibahadygyny baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar-da bellediler. Guramanyň Pariždäki edarasynda geçirilen çärä döwletleriň we hökümetleriň 20-sinden gowragynyň baştutanlary, alymlar, sungat işgärleri gatnaşdylar. BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş öz wideohatynda adamzat taryhynyň ýowu...
ÝURDUMYZYŇ OBA HOJALYGYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERINE DÖWLET SYLAGLARY GOWŞURYLDY
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleriň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäg...
ÖSÜŞ DEPGININE MÖHÜM GOŞANT
Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri Türkmenistanyň umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkeziljileri aýratyn täsir galdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mülkdar hojalyklarynda iň ýokary ös...
TÜRKMENISTANLY TALYP GYZ BÜTINRUSSIÝA BÄSLEŞIGINIŇ FINALYNA ÇYKDY
Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) «Bejeriş işi» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby, türkmenistanly Regina Ergaşewa «Ýylyň talyby. Lukmanlar» birinji Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär. Jemleýji tapgyra Russiýanyň sebitleriniň 37-sinden 100 talybyň çykandygyny bellemek gerek. Bäsleşik Russiýanyň Ýaşlar Birleşiginiň we «Russiýa – mümkinçilikler ýurdy» prezident platformasynyň bilelikdäki taslamasy bolan «...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ MEDENI HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet boýunça attaşesi we Türkmenistandaky ilçihanasynyň Aşgabat Medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Räsuli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri Orazsähedow Dawut bilen duşuşdy. Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň binasynda geçirilen duşuşykda taraplar bu iki ýurt arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möh...