SOŇKY HABARLAR
PAÝTAGTYMYZDA GURBAN BAÝRAMY MYNASYBETLI KONSERT GURALÝAR
Aşgabat şäherimizde 20-21-nji iýulda Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk konserti geciriler. Bu Konsert iýul aýynyň 20-sine sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde gurnalar. Konsertde Türkmenistanyň meşhur estrada ýyldyzlary Eldar Ahmedow, Berdi Çowdurbaýew, Jeýhun Atajykow Rejepmuhammet Hojamuhammedow, şeýle-de 21-nji Iyulda sagat 19:00-da şol kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň meşhur estrada ýyldyzlary Rahman Hudaýberdiýew, Göwher Hajymyradowa, Mekan Rejepow şowhunly çykyş ederler....
ÝURDUŇ DEMIRGAZYGYNDA ÝER ALMANYŇ ÝYGYMY DOWAM EDÝÄR
Ýurduň demirgazygynda ýazlyk ýer almanyň ýygymy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýyl ol Daşoguz welaýatynda 1900 gektar meýdanda ekildi. Bu ýerleriň agramly bölegi Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Ýygym işleriniň ýokary derejede guralmagy netijesinde, bu ekin meýdanlaryndan eýýäm 12,500 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu ýerde “N. Andalyp” we “Sawat” daýhan birleşikleri, şeýle hem hususy pudak esasy ýer almanyň öndürijilerdir. S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň ýazda 450 gektar meýdana ý...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ENERGETIKA ULGAMYNDA NETIJELI HALKARA HYZMATDAŞLYGY
Energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerine baý Merkezi Aziýa dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmagyň we energiýa peýdalylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejili, pes uglerodly, klimatyň özgermegine durnukly ykdysadyýete geçmek ýolunda halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr. Milli energetika strategiýalarynyň täze şertlere we döwrüň talaplaryna, energetika babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uýgunl...
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA ÇÄRELERI ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRMEK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçy...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Iýul aýynyň 17-ne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň başynda belleýşi ýaly, öňde durýan şanly sene mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgal...
ÝURDUMYZYŇ EKSPORT KUWWATY
Milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň işewürlik gadamlaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Aýratyn-da bu çäreler importyň ornuny tutup, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmaga, milli önümlerimiziň eksport edilýän ýurtlarynyň sanyny köpeltmäge uly itergi berýär. Bu ugurda «Keremli ädim» hususy kärhanasy döwrebap işleri alyp barýar. 2018-nji ý...
BSGG “DYNÇ ALYŞ ÝERLERINDE SUWUŇ HILI BABATYNDA TÄZE GOLLANMA ÝÖRELGELERINI” ÇYKARDY
Adatdan daşary yssynyň düşmegi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Dynç alyş ýerlerinde suwuň hili babatynda täze gollanma ýörelgelerini” çykardy. Onda suwuň hiline bolan sanitariýa we arassaçylyk talaplary, şeýle hem gözegçilik we barlag, hapalanmaga garşy göreş we suw desgalaryny howpsuz ulanmak mümkinçiligi barada ilata habar bermegiň öňdebaryjy usullary beýan edilýär. Ylmy maglumatlara we dünýädäki iň oňat tejribelere esaslanýan Gollanma ýörelgeleriniň iň soňky neşirinde dynç al...