img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Noý

«MERKEZI AZIÝA–KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Nobatdaky mejlisiň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 1...

DOWAMY
pic
5 Noý

TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BINALAR BARADA WIDEO BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti isleg bildirýänleri şu ýyl gurlan binagärlik desgalary hakynda iň gowy film ýa-da wideorolik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli ýurtda 50-den gowrak täze bina, şol sanda hökümet münberi, «Arkadag» kaşaň myhmanhanasy, häzirkizaman seýilgähleri, köpugurly «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi we birnäçe binalar ulanmaga berildi. Bäsleşige...

DOWAMY
pic
5 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DEPUTATLARY ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISINDE

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň 3-4-nji noýabrda onlaýn formatda geçirilen Parlament Assambleýasynyň 19-njy güýz mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň çäginde ÝHHG-niň sebitindäki derwaýys howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine we häzirki syýasy meselelerine syn berildi. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 19-njy güýz mejlisi Hemişelik komitetiň mejlisi bilen açyldy, onda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Marg...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SÖWDA TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň...

DOWAMY
pic
4 Noý

DAŇATAR ÖWEZOW: TÜRKMEN KOMPOZISIÝA HALYPASYNYŇ HASYL BOLAN ARZUWLARY

1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülk-Ýusup obasynda bir çaga dünýä indi, oňa Daňatar diýip at dakdylar. Şol mahal bu çaganyň kalbynda aýdym-sazyň ýaşaýandygy hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Sekiz ýaşa baranda, Daňatar atadan galany sebäpli, uýalary Ogulgerek hem Amansoltan bilen agasynyň öýüne göçdi. Daňataryň agasy Allamerdan ökde tüýdükçi bolansoň, köplenç agşamlaryna onuň öýünde dutar, gyjak, tüýdük sesleri ýaňlanardy. Zehinli oglan üçin bu özboluşly bi...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANLY SAZANDALAR «DUTARYŇ OWAZY» GÖZDEN GEÇIRILIŞINIŇ BAÝRAGYNA MYNASYP BOLDULAR

Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Sungatlar VI halkara gözden geçirilişiniň jemi jemlendi. Bäsleşikde baýrak alanlaryň arasynda türkmenistanly sazandalar –skripkaçy Bahram Dolyýew bilen altçy, kirişli saz gurallary orkestriniň dirižýory Tahyr Ataýew we onuň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary bar. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň muşdaklary kän. Türkmenistanda orkestr hyjuwly joşguny we repertuar saýlamakda batyrgaýlygy bilen tapawutlanýar....

DOWAMY
pic
4 Noý

FUTBOL BOÝUNÇA (U-23) AZIÝANYŇ ÝAŞLAR KUBOGY-2022 GATNAŞJAK TOPARLAR BELLI BOLDY

Wýetnamyň, Saud Arabystanynyň we Täjigistanyň toparlary (23 ýaşa çenli) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga gazandylar. Ozal habar berlişi ýaly, oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek gatanşýar. Bu «D» we «I» toparlardaky jemleýji oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy. Şonda Wýetnam Mýanmany 1:0, Saud Arabystany bolsa Bangladeşi 3:0 hasabynda ýeňdi. Şondan soň Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022-niň soňky ýaryşyna gatnaşýan 16 toparyň hemmesi belli boldy. Bular...

DOWAMY