RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow P...

DOWAMY
pic
28 Apr

ANTONIN DWORŽAGYŇ DUÝGULAR WE SAZ DÜNÝÄSI: AŞGABATDA ÇEH KOMPOZITORYNYŇ ESERLERI ÝAŇLANDY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kamera topary kafedrasynyň mugallymlary we talyplary şu ýyl 180 ýyllygy bellenýän, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda ýaşan görnükli çeh kompozitory Antonin Dworžaga bagyşlap 28-nji aprelde bu okuw jaýynyň Uly zalynda aýdym-saz agşamyny geçirdi. Dworžak meşhur Lýudwig wan Bethoweniň we Rihard Wagneriň sazlarynyň muşdagy bolansoň, öz aýtmagyna görä otuz ýaşyna çenli «bu beýik nemesleriň jadysynyň» täsiri astynda saz döredipdir. 1871-nj...

DOWAMY
pic
28 Apr

PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ AŞGABAT DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLAR BU FORUMYŇ GEÇIRILMEGINIŇ ÖZ WAGTYNDALYGYNY BELLÄP GEÇDILER

Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny»  atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy.  Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global...

DOWAMY
pic
27 Apr

DAŞKY GURŞAWY WE SUW GORLARYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA ONLAÝN-OKUWLARA GATNAŞMAK ÜÇIN ARZALAR KABUL EDILÝÄR

Türkmenistanyň raýatlary Drezdeniň Tehniki uniwersitetiniň daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak hünärini kämilleşdirmek boýunça kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp bilerler. Bu sapaklar 2030-nji ýyla çenli Gün tertibini we Howanyň üýtgemegi boýunça ähliumumy Pariž ylalaşygyny goldamak ugrunda Germaniýanyň daşky gurşaw, tebigaty goramak we ýadro howpsuzlygy Federal Ministrliginiň hemaýatkärliginde geçirilýär. Olara döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, alymlaryň, şeýle-de jemgyýetçilik guram...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  Hormatly jenap Prezident! Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagyňyz türkmen halkynyň Size uly hormat goýýandygy...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz ş...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Moham...

DOWAMY