SOŇKY HABARLAR
BMG EKOULGAMY DIKELTMEGIŇ ONÝYLLGYNY YGLAN ETDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-2030-njy ýyllary Ekoulgamy dikeltmegiň on ýyllgy diýip yglan etdi. BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝuNEP) hem-de BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) howandarlygynda geçirilýän Ekoulgamy dikeltmegiň onýyllygy – bu adamlaryň we tebigatyň hatyrasyna tutuş dünýäde ekoulgamy goramaga hem-de dikeltmäge çagyryşdyr. Çäre ählumumy maksatlara ýetmek üçin adamlaryň aglabasynyň tagallaryny birlşedirmäge gönükdirilendir. Diňe ek...
«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY» ŽURNALY
Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär. Žurnalyň şu sany aýry-aýry döwletler, hususan-da, goňşy we dostlukly ýurtlar — Türkiýe, O...
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI
2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dab...
AŞGABAT KINOFILMLERDE: TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ 140 ÝYLLYGYNA FILMLERIŇ HEPDELIGI
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginiň işgärleri Aşgabadyň ýubileýine özboluşly sowgat taýýarladylar. Olar paýtagtymyzyň keşbi görkezilýän ozalky ýyllaryň we häzirki döwrüň filmlerini saýladyrlar. Baýramyň öň ýanynda tomaşaçylara haýalan kinofilmleri görkeziler. Görkezilişe 1958-nji ýyldan biziň günlerimize çenli Aşgabadyň keşbini görkezýän 11 film saýlanyldy. Olardan iň irkisi režisýorlar Han...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny be...