img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...

DOWAMY
pic
9 Iýul

ALYM WE SURATKEŞ

Olga Fominiçna Mizgirewa türkmen milli şekillendiriş sungatynyň gözbaşynda duranlaryň biridi. Ol 1908-nji ýylda Daşkentde dogulýar, soňra olaryň maşgalasy Türkmenistana göçüp gelýär. Ýaşlykdan suratkeşlige höwes edýän Olga çeperçilik bilimini almaga ymtylýar. Onuň bagtyna, 1920-nji ýylda suratkeşler Ruwim Mazel, Mihail Libakow we Aleksandr Wladyçukyň başlangyjy bilen Aşgabatda Çeperçilik studiýasy döredilýär. Bu studiýa soň “Gündogaryň zarpçy sungat mekdebi” (GZSM) diýlip atlandyrylýar. Hut ş...

DOWAMY
pic
9 Iýul

TÜRKMENISTANDA «ADALAT ÜÇIN BILIM» BAŞLANGYJY HÖDÜRLENDI

Çagalara we ýaşlara bilim bermek, olaryň maglumatlylygyny artdyrmak jenaýatyň, parahorlugyň öňüni almak we kanuna tabynlyk medeniýetini ösdürmek üçin möhümdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirligi (UNODC) ABŞ-niň Halkara ösüş gullugy (USAID) bilen bilelikde türkmen hünärmenleri üçin “Adalat üçin bilim” atly başlangyjy bilen tanyşlyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary iş...

DOWAMY
pic
9 Iýul

MANDRAGORANYŇ MELHEMLIK HÄSIÝETI

Mandragora baradaky ýatlamalar baryp-ha 4000 ýyl mundan öňki Müsür golýazmalarynda duş gelýär. Gündogaryň gadymy tebipleriniň ulanan dermanlyk ösümlikleriniň sanawynda ol birinji, häzirki wagtda meşhur ženşen bolsa diňe üçünji orunda durýan eken. Botanikler «daşyndan alça meňzeýän, eti garalynyňky ýaly gyzylymtyl, miwesiniň tagamy bolsa pomidory ýatladýan» bu ajaýyp ösümligiň gadym döwürde mukaddes hasaplanandygyny, şonuň üçin-de ony gazyp almagyň her öňýetene ynanylmandygyny aýdýarlar. Ad...

DOWAMY
pic
9 Iýul

AÝDYMÇY ŞAHYR GARAJA OGLAN

Tomsuň yssy günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylary agşamlaryny paýtagtyň köpsanly seýilgählerinde geçirýärler. Olaryň arasynda ençeme çüwdürimi we ajaýyp heýkelleri bilen tapawutlanýan gök öwsüp duran “Ylham” seýilgähi aýratyn meşhurlyga eýedir. Bu seýilgäh ajaýyp halk aýdymçy şahyrlaryndan biri bolan Garajaoglanyň ýadygärligi bilen açylýar. Garajaoglanyň takyk doglan we aradan çykan senesi belli däl diýlip hasaplanylýar, ýöne Aşgabatdaky ýadygärligiň beýik paýasynda 1606 – 1689-njy ýyllar diýlip,...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝADA GURLAN TÄZE GÄMIDE HAZAR DEŇZINDE GEZELENÇ ETDI

Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Döwlet Baştutanymyz «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ygtyýaryna gelen «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynda gurlup, ilkinji ýüzüşe goýberilen «Rahat» atly täze türkmen gämisinde Hazar deňzinde gezelenç etdiler. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli...

DOWAMY
pic
8 Iýul

BENZINIŇ DÜNÝÄDÄKI ORNY

Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan benziniň 1 litriniň bahasynyň 1,5 manatdygyny (0.429 ABŞ dollarydygyny), dünýädäki bahasynyň bolsa ondan üç esse ýokarydygyny ($ 1,18) belleýärler. Merkezi Aziýada benziniň iň arzan ýurdy bolan Türkmenistan dünýdäki ýangyç bahalarynyň sanawynda ýedinji orunda durýar. Dünýäde ýangyjyň bölekleýin bahalary ilaty gyzyklandyrýar, çünki olar dürli harytlaryň, şol sanda sosial ähmiýetli...

DOWAMY