SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwle...
“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI — AŞGABAT” DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI JEMLENILDI
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu döredijilik bäsleşigi şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Ak mermerli paýtagtymyz baradaky fotosuratlar, wideoşekiller hem-de makalalar tele we radioýaýlymlarda,...
ÝURDUMYZYŇ AWIAMODELÇILERI GÜÝÇLINI KESGITLEDILER
Aşgabadyň golaýynda 2020-nji ýylyň ilkinji awiamodel ýaryşlary: uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty we ýetginjerkleiň arasynda milli birinjilik geçirildi. Ýaryşy awiamodelçiler – planerleriň radiodolandyryşly modelleri bilen çykyş edýän türgenler açdylar. Sport ussatlarynyň dördüsi ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşanlaryň modelleri uçup, soňra ýerden dolandyrylýan planer howa akymynda 8 minut gaýyp, bellenilen nokada gonýardylar. Uçuşyň do...
«AK-HÜNJI» HK TÄZE TELEKEÇILIK TASLAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRÝÄR
?Ak-hünji» hususy kärhanasy ýerli çig maldan - polipropilenden listleýin plastik önümçiligini özleşdirdi. Täze enjamda ekstruziw usul ulanylyp, täze materialyň synag tapgyry çykaryldy. Çig mal hökmüde Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer öndürýän gazhimiýasy toplumynyň önümi ulanylýar. Kärhananayň baş direktory Begmämmet Çaryýewiň aýtmagyna görä, täze önüm köp ýerde ulanylyp bilner. Ol suwa düşülýän howdanlaryň gurluşygynda bezeg serişdesi hökmünde, ýelejirediş ulgamlarynda, laboratoriýa enja...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞ BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, dünýäde we sebitde ýaýran ýeňil bolmadyk epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hökümet mejlislerinde bellenen çäreleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WE KANADANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON GEPLEŞIGI
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem p...
TÜRKMENISTANYŇ WE ITALIÝANYŇ DAŞARY-SYÝASУ EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herek...