RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

TÜRKMENISTAN ESKATO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY FORUMYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bangkokda Durnukly ösüş boýunça ýedinji Aziýa-Ýuwaş ummany forumy wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygy astynda guralan bu forum guramanyň agza-döweletleriniň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň resmi wekilleriniň, bilermenleriň hem-de hünärmenleriniň ähmiýetli sanyny özünde jemledi. Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysad...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn-geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew baştutanlyk etdi. Şweýsar wekiliýetine Ilçi, Şweýsariýanyň Daşary işler Federal Departamentiniň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary, Ýewropa Geňeşi we ÝHHG boýunça müdirliginiň baştutany Anna Iwkowis Horner ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine syýasy gatnaşyklar ugrunda ikitaraplaýyn...

DOWAMY
pic
20 Maý

BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ONLAÝN-MASLAHATY

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy.   Işjeň ýagda...

DOWAMY
pic
20 Maý

GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINE AGZA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi. Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzir...

DOWAMY
pic
20 Maý

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi mukaddes Oraza aýynyň kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlaryny iberen gijesiniň — Gadyr gijesiniň haýyr-sahawatynyň we berekediniň, tagat-ybadatlarynyň hem-de ýakymly pursatlarynyň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde mähriban halkymyz bilen el-ele berip berkar...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI HYTAÝYŇ PARAHATÇYLYK GAZNASYNYŇ SANLY ARAGATNAŞYK ARKALY GURAN FORUMYNA GATNAŞDYLAR

18-nji maýda Hytaýyň Parahatçylyk gaznasy Pekiniň halkara medeniýet we parahatçylyk halkara gaznasy, Pekiniň daşary ýurtlar bilen dostluk assosiasiýasy we Şaraf adyndaky Durnukly ösüş gaznasy bilen bilelikde onlaýn-maslahat geçirdi, onuň barşynda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işine Müsüriň ozalky premýer-ministri Essam Şaraf, HHR-da ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, halkara bilermenleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň halkara a...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesi gününe gabat gelen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi. Milli Liderimiz, ilki bilen,...

DOWAMY